Eýranda Korona wirusyna uçran adamlaryň sany artdy
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda Korona wirusyna uçranlaryň sanynyň artyp 139 adama ýetenligini habar berdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy aragatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianooş Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda Korona keseline duçar bolup aradan çykan adamlaryň sanynyň 19 adama ýetenligini aýtdy.
Korona wirusy 2019-nji ýylyň Dekabr aýynda Hytaýyň Hobey welaýatynyň Wuhan şäherinden başlady.
durmuşda bu wirus HYtaýyň 30 welaýatyna ýaýramagyndan aýry dünýäniň 40 ýurduna şol sanda Aziýanyň günbatarynda ýerleşen ýurtlaryna aralaşandyr.
soňky sanawlara görä hem durmuşda dünýäde 81 müň adam Korona wirusyna uçrandyr bu sandan 30 müňden gowragy sagalandyrlar we diňe 2700 adam janlaryny berendirler.