Aragçi:Eýranyň islegleri amala aşmasa Eýran doly suratda ýadro ylalaşygyna dolanmaz
(last modified Wed, 26 Feb 2020 16:17:42 GMT )
Feb 26, 2020 21:17 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:Eýranyň islegleri amala aşmasa Eýran doly suratda ýadro ylalaşygyna dolanmaz

Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçi INSTEXiň ýerine ýetirilmeginiň golaýlamagyna yşarat edip ykdysadyýetde biziň isleýän zatlarymyz bolmasa Eýranyň doly suratda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna dolanmagy mümkin däldir diýip nygtady.

Aragçi şu gün ikindin Wenada ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ortak komissiýasynyň  15-nji maslahatynyň soňunda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde bu maslahata gatnaşan taraplar ýadro ylalaşygyň dürli jähetlerden bolan ähmiýetini nygtadylar diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçi şeýle-de Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahaty boýunça köp bähbitlere garaşýardy emma bu islegleri üpjün edilmäni soň Eýran 5 ädimde öz jogapkärçiliklerini azaltdy diýmek bilen ýöne egerde ýadro ylalaşyk boýunça Eýranyň isleýän bähbitleri üpjün bolsa Eýran hem özüniň borçlaryny doly suratda ýerine ýetirer diýip sözlerine goşdy.

şol bir wagtda ýaňky ortak komissiýasynyň maslahatynyň soňunda çykarylan beýannamada taraplar ýadro ylalaşygyň ähmiýetini nygtadylar.

bu beýannamada şeýle-de taraplar Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklaryny Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň bähbitlerinden peýdalanyp bilmegine böwet bildiler.

bu beýannama esasynda ýadro ylalaşygy baradaky tehniki we ozarmanlyk gepleşikler dowam etjekdir.