Eýranda 73 adam Koronawirusyndan gutuldylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7089-eýranda_73_adam_koronawirusyndan_gutuldylar
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi soňky günlerde Koronawirusyna uçran adamlaryň 73-si bu keselden gutulyp hassahanalardan öýlerine gaýdyp gidendiklerini yglan etdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Feb 28, 2020 14:57 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 73 adam Koronawirusyndan gutuldylar

Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi soňky günlerde Koronawirusyna uçran adamlaryň 73-si bu keselden gutulyp hassahanalardan öýlerine gaýdyp gidendiklerini yglan etdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kianuş Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda jemi 388 adamyň Koronawirusyna uçrandyklaryny aýdyp bu adamlaryň 73-si bu keselden gutuldylar emma gynanç bilen 34 adam hem şu mahala çenli bu wirusdan öz janlaryny elden berdiler diýip yglan etdi.

Eýranda Koronawirusyna uçran adamlaryň ýaşy ortaça hasapdan 50 ýaş we bu wirusdan janlaryny elden beren adamlaryň ýaşy ortaça hasapdan 60-dan ýokarydyr diýip Jahanpour aýtdy.