Musawi, Pompeonyň hilebazlygyna gaýtawul berdi
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi , Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeonyň, bu ýurt Koronawirusyna garşy göreşmekde Eýrana kömek etmäge taýýardyr diýen toslamasynyň gaýtawulynda bu toslamany, wagyz işler çarçuwasynda, ýalan we gülkünç hereket bilip syýasy maksatlar bilen formalite hereketleriň amala aşyrylmagy , Koronawirusynyň öňüni almaklygyň ýoly däldir diýip nygtady.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi , ykdysady terrorizmi bilen Eýran ilatyna köp agram berýän we hatda dermanlaryň satyn alynmagynyň ýoluny baglan ýurdyň tarapyndan Koronawirusynyň öňüni almakda Eýrana kömek edilmegi ugrundaky toslama gülkünç we bir syýasy hemde ruhy oýundyr diýip sözlerine goşdy.