Eýran:Owgan toparlaryň söhbetdeşlik geçirmegi bilen Owganystanda parahatçylyk berkarar bolar
Eýranyň daşary işler ministrligi Amerika bilen Talibanyň arasynda barlyşyk ylalaşygyna gol çekilmegine bildiren gaýtawulynda Owgan toparlaryň hemmesiniň gatnaşmaklarynda söhbetdeşligiň geçirilmeginde hem-de Owganystanyň goňşylarynyň howatyrlanmalaryny göz öňüne almak bilen bu ýurtda durnukly parahatçylygy el-gerip bolar diýip ynam bildirdi.
Eýranyň daşary işler ministrligi özüniň çykaran beýannamasynda Eýran Owganystanyň durnuklylygyna ýardam edip biljek her bir hereketi garşy alýandyr diýip yglan etdi.
bu beýannamada Owganystanda keseki güýçleriň bolmaklary bikanun hasaplanylýandyr we daşary ýurtly güýçleriň Owganystandan çykmaklary bu ýurduň parahatçylygyna ýardym edip biler diýilip yglan bolandyr.
Amerika bu işleri bilen Owganystanda öz harby güýçleriniň huzurly bolmaklaryny dogry görkezjek bolýandyr emma barlyşyk ylalaşyga gol çekmäge we Owganystanyň ykbaly barada tutum tutyp şert bellemäge Waşingtonyň haky ýokdyr diýilip Eýranyň daşary işler ministrliginiň beýannamasynyň dowamynda getirilýär.