Rabiei: Koronawirusy barada açyk çemeleşen ýurtlaryň birisi Eýrandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7105-rabiei_koronawirusy_barada_açyk_çemeleşen_ýurtlaryň_birisi_eýrandyr
Eýran döwletiniň metbugat wekili käbir ýurtlaryň öz ilatynyň janlaryndan köpräk syýasy we ykdysady bähbitlerine üns berýändiklerini aýdyp Koronawirusynyň ýaýramagy hakda Eýran yslam respublikasy açyk çemeleşen ýurtlaryň hataryndadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 02, 2020 16:38 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: Koronawirusy barada açyk çemeleşen ýurtlaryň birisi Eýrandyr

Eýran döwletiniň metbugat wekili käbir ýurtlaryň öz ilatynyň janlaryndan köpräk syýasy we ykdysady bähbitlerine üns berýändiklerini aýdyp Koronawirusynyň ýaýramagy hakda Eýran yslam respublikasy açyk çemeleşen ýurtlaryň hataryndadyr diýdi.

Ali Rabiei Wideokonferensiýa arkaly beren maglatynda Eýran ilatynyň janlarynyň we saglyklarynyň hemme zatdan möhümdigini aýdyp Eýranyň saglygy goraýyş, derman we tebipçilik ministrligi Koronawirusyň ýaýramak howpynyň trubaşyndan ýagdaýa çaltlyk bilen musallat bolandyr diýdi.

Rabiei şeýle-de goňşy ýurtlar bilen bolýan söwdalaryň, saglygy goraýyş protokollar esasynda bolýanlygyny aýdyp Eýranyň wekilleriniň goňşylar bilen gatnawda bolmagy işjeňleşdirlendir we durmuşda Yragyň gümrükleri açylandyr diýip sözüne goşdy.