Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Koronawirusynyň öňüni almak barada teklip berdiler
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy agaç ekmek güni mynasybetli iki nahal oturdandan soň beren gürrüňlerinden Eýranda Koronawirusynyň öňüni almak ugurda bir näçe tabşyrygy berdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri miweli agajyň iki nahalyny ýerde oturtmak bilen agaç we bag ekmek işini bereketli iş bilmek bilen Eýranda ýüze çykan ýoganç Korona keseliň öňüni almakda kä maslahatlary berdiler.
bu wirusyň öňüni almakda ozal hem aýdyşym ýaly lukmanlaryň,şepagatçylaryň we ýurduň derman bölüminiň çekýän zähmetlerinden gadyrdanlyk edýärin diýip Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy nygtadylar we Allanyň ýolunda Jihad etmek derejesinde sogaply bolan olaryň işini gadyrlaýaryn diýip beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri bu kesele uçran adamlara jan saglyk gurban bolanlara rahmat we magpyrat we yzylarynda galanlara sabyr dilemek bilen bu keseliň öňüni almakda jogapkärleriň berýän tapşyrgylaryna we görkezmelerine hökman üns berilmelidir sebäbi taňry tagala özümiziň we özgeleriň jan saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmegi bizden isländir diýip nygtadylar.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy ýene bir tabşyrygynda hemmeleri Allah tagala sygynmaklyga çagyryp elbetde bu kesel onçakly hem uly däldir we bu keselden ulyrak keseller hem bolandyr emma men bu bela beteriň dep bolmagynda ýaşlaryň we takwa adamlaryň ýüreklerinden syzýan dogalara gaty umytlydyryn sebäbi Allanyň dergasyne ýüzlenip yslam pygamberiň we ymamlaryň şepagatyndan umytly bolmak bilen we olardan şepagat dilemek bilen köp kynçylyklary arka atyp bolar diýip ynam bildirdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri şeýle-de dünýäniň köp ýurtlarynda bu keseliň ýaýramagyna yşarat edip jogapkärler deslapky günden başlap bu barada habarlary köpçülige ýetirip ilaty açyklandyrlar ýöne bu keseliň güýçli ýaýran kä ýurtlaryň jogapkärleri bu barada hakykaty basyrandyrlar şondan gelende biz ol ýurtlarda hem bu kesele uçran adamlaryň hemmesine Alladan saglyk dileýäris diýip beýan etdiler.