Eýran Hindistanda musulmanlara garşy guramalaşan jenaýatlary ýazgardy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda Hindistanda musulmanlara garşy guramalaşdyrylan jenaýatlary ýazgaryp Eýran asyrlar boýy Hindistanyň dosty bolandyr diýip nygtady.
Hindistan resmileri bütin Hindistanlylaryň asudalygyny goramagyň ýanynda bu ýaramaz gan döküşigiň dowam etmegine ýol bermeli däldir diýip Zarif nygtady.
Hindistan döwletiniň bu ýurtda Musulmanlaryň tersine täze graždanlyk kanunynyň makullanylmagyndan soň ekstremist buddistleriň musulmanlara garşy gahar gazaply hereketleri artyp ugrandyr.
şol bir wagtda Eýranyň mejlis başlygynyň halkara meseleler boýunça kömekçisi Huseýin Amir Abdollahian hem Hindistanda musulmanlara garşy guramalaşdyrylan jenaýatlary ýazgardy.