Mertebesi belent Ýolbaşçy: Hindistan döwleti ekstremist hindularyň öňüne geçsin
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7117-mertebesi_belent_Ýolbaşçy_hindistan_döwleti_ekstremist_hindularyň_öňüne_geçsin
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri Hindistanyň zulum astyndaky musulmanlarynyň gyrana berilmegini ýazgardylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 05, 2020 17:36 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi belent Ýolbaşçy: Hindistan döwleti ekstremist hindularyň öňüne geçsin

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri Hindistanyň zulum astyndaky musulmanlarynyň gyrana berilmegini ýazgardylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri , Hindistandaky musulmanlaryň gyrana berilmegi babatly dünýä musulmanlarynyň ýüregi ynjandyr diýmek bilen Hindistan döwleti bu ýurtdaky ekstremist hindularyň we olary goldaýan partiýalaryň musulmanlary gyrana bermekleriniň öňüne geçip yslam dünýäsinde çetleşmeginiň hem öňüni alsyn diýip beýan etdiler.

Hindistanyň täze raýatlyk kanuny 2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda tassyklady. bu kanun esasynda ygtybarly senetleri bolmazdan 2015-nji ýyldan öňürti Hindistana giren Bangladeşli, Owganystanly we Pakistanly raýatlar Hindistanyň raýatlyk hakyndan paýly bolup bilýändirler emma bu kanun musulmanlary öz içine alýan däldir.