Musawi: dörttaraplaýyn arap komitetiň toslamalary sebitiň durnuksyzlygynyň sebäbidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7118-musawi_dörttaraplaýyn_arap_komitetiň_toslamalary_sebitiň_durnuksyzlygynyň_sebäbidir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili dörttaraplaýyn arap komitetiň beýannamasynda getirlen esassyz toslamalar sebitde durnuksyzlyklara we terrorizmiň ýaýramagynasebäp bolan ýurtlaryň öwezini dolup bolmajak ýalňyşlyklarynyň netijesidir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 05, 2020 17:47 Asia/Ashgabat
  • Musawi: dörttaraplaýyn arap komitetiň toslamalary sebitiň durnuksyzlygynyň sebäbidir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili dörttaraplaýyn arap komitetiň beýannamasynda getirlen esassyz toslamalar sebitde durnuksyzlyklara we terrorizmiň ýaýramagynasebäp bolan ýurtlaryň öwezini dolup bolmajak ýalňyşlyklarynyň netijesidir diýip yglan etdi.

onuň gaýtawulynda Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Bahreýn-deparahatçylykly ýörişleriň basgylanmagyny we Yrak bilen Siriýa ýurtlarynda terrorçylaryň şol sanda DAEŞ-iň goldanmagyny, Ýemen-de akmaklyk ýüzünden başlanan uruşy we bu ýurtda on müňlerçe adamyň awara bolmagyny we gahatçylyga uçramagyny dörttaraplaýyn komitetiň öwezini dolup bolmajak ýalňyşlyklaryndan hasaplady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi  şeýle-de Bumusa, Uly Tonb we Kiçi Tonb adalaryny Eýranyňky hasaplamak bilen meňzeş bolan esassyz beýannamalaryň gaýtalanmagy sebitiň we dünýäniň hiç bir kynçylygyny çözmez diýip sözüne goşdy.