Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň 913-i gutuldy
Mar 06, 2020 16:48 Asia/Ashgabat
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi şu wagta çenli Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň 913-i gutuldy diýip yglan etdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianooş Jahanpoor şu wagta çenli Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlygy belli bolan 4747 adam we aradan çykanlaryň sany 124 adam bolandyr diiýp yglan etdi.
Jahanpoor şeýle-de Eýranda Korona wirusyna duçar bolmakda şübhelenýän 15981 adam hassahanalarda ýatandyrlar we albratoarlaryň artmagy bilen belli bolýanlaryň sany hem köpelýändir diiýp nygtady.