Eýranda Korona keseline uçranlaryň azyndan bir müň 600-si gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7136-eýranda_korona_keseline_uçranlaryň_azyndan_bir_müň_600_si_gutuldy
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda Korona keseline duçar bolan adamlardan şu mahala çenli bir müň 669 adamyň hal ýagdaýlarynyň gowlaşyp bu keselden gutulandyklaryny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 07, 2020 16:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Korona keseline uçranlaryň azyndan bir müň 600-si gutuldy

Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda Korona keseline duçar bolan adamlardan şu mahala çenli bir müň 669 adamyň hal ýagdaýlarynyň gowlaşyp bu keselden gutulandyklaryny habar berdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianuş Jahanpur şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu wagta çenli Eýranda Korona keseline uçran adamlaryň sanynyň 5 müň 823 adama etenligine yşarat edip bu sandan 145 adamyň öz janlaryny berendiklerini yglan etdi.

Korona keseli 2019-nji ýylyň Dekabr aýynda Hytaýyň Wuhan şäherinden başlanyp durmuşda dünýäniň azyndan 90 ýurduna ýaýrandyr.

ýaýran soňky hasabatlara görä,durmuşda dünýäde azyndan 101 müň adam bu kesele uçrandyr we bu sandan 3 müň 400 adam ölendirler.