Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň 2100-si gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7138-eýranda_koronawirusyna_duçar_bolanlaryň_2100_si_gutuldy
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda Korona keseline duçar bolan adamlardan şu mahala çenli 2100 adamyň hal ýagdaýlarynyň gowlaşyp bu keselden gutulandyklaryny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 08, 2020 16:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň 2100-si gutuldy

Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda Korona keseline duçar bolan adamlardan şu mahala çenli 2100 adamyň hal ýagdaýlarynyň gowlaşyp bu keselden gutulandyklaryny habar berdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianuş Jahanpur şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu wagta çenli Eýranda Korona keseline uçran adamlaryň sanynyň 6 müň 566 adama ýetenligine yşarat edip bu sandan 194 adamyň öz janlaryny berendiklerini yglan etdi.

Korona keseli 2019-nji ýylyň Dekabr aýynda Hytaýyň Wuhan şäherinden başlanyp durmuşda dünýäniň azyndan 103 ýurduna ýaýrandyr.