Zangane:Amerika ýalan sözleýär we Eýran milleti bu günleri unutmazlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7145-zangane_amerika_ýalan_sözleýär_we_eýran_milleti_bu_günleri_unutmazlar
Eýranyň nebit ministri dew-derman satyn almak barada Eýranyň garşysynda hiç hili çäklik ýokdyr diýip Amerika döwletiniň öňe süren toslamasyna yşarat etmek bilen Eýran halky bu günleri unutmazlar diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 09, 2020 18:39 Asia/Ashgabat
  • Zangane:Amerika ýalan sözleýär we Eýran milleti bu günleri unutmazlar

Eýranyň nebit ministri dew-derman satyn almak barada Eýranyň garşysynda hiç hili çäklik ýokdyr diýip Amerika döwletiniň öňe süren toslamasyna yşarat etmek bilen Eýran halky bu günleri unutmazlar diýip nygtady.

Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane Bloomberg tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň nebit eksportyna Amerikanyň girizen çäkliklerine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň Korona keseline garşy göreşde agyr günleri başdan geçirýän ýagdaýynda Amerika döwleti Eýran ilatyna garşy özüniň bikanun gadaganlyklaryny dowam edip durandyr diýip beýan etdi.

Amerika döwleti Eýran ilatyna garşy köp kynçylyklary döredendir we onuň ýola beren bu işleri geljekde bir halkara sud-da ara alynyp barlanar diýip Zangane sözlerine goşdy.