Eýranda Korona keseline uçran adamlaryň 3 müňe golaýy gutuldy
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda şu mahala çenli Koronawirusyna uçran adamlaryň sanynyň 2 müň 959-si bu keselden gutulandyklaryny yglan etdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy ara-gatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianuş Jahanpur şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýurtda azyndan 9 müň adamyň Korona keseline duçar bolandyklaryna yşarat edip gynanç bilen bu sandan 354 adam öz janlaryny elden berendirler diýip yglan etdi.
Kowid-19 ýada şol Korona keseli ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinden başlap durmuşda dünýäniň 120 ýurduna aralaşandyr.
ýaýran soňky sanawlara görä durmuşda 119 müň adam dünýäniň ýüzünde Korona keseline uçrandyrlar bu sandan 66 müň adam gutulyp 4300-si janlaryny elden berendirler.