Musawi:halkara atom agentligiň soraglary hukuky we tehniki bolmalydyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi halkara atom agentligiň soraglary hukuky we tehniki bolmalydyrlar diýmek bilen Eýranyň agentlik bilen saklaýan arkalaşyklarynyň çarçuwasy bellidir diýip beýan etdi.
halkara atom agentligi özüniň soňky hasabatynda Eýran özüniň 3 mekanyny agentligiň el ýeterliginde goýmady we özüniň öndüren ýadro maddalary barada agentligiň öňe süren soraglaryna jogap bermekde arkalaşmady diýip toslady.
Musawi şu gün wideo konferensiýa şekilinde geçirilen habar konferensiýada beren gürrüňlerinde halkara atom energiýasy agentligi öz abraýny gorasyn diýmek bilen Eýran agentlik bilen gaty ýokary derejede tehniki arkalaşyklary saklaýandyr we agentlik tarapyndan bolýan her bir esassyz soraga Eýran jogap bermäge borçly däldir diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi halkara atom energiýasy agentliginiň başlygynyň soňky hasabatyna Ýewropa döwletleriniň görkezen gaýtawullaryna yşarat edip agentligiň toslamasy saýt hakynda däldir eýsem tehniki meseledir we Ýewropa ýurtlaryna hem degişli ýeri ýokdyr diýip nygtady.