Zarif ABŞ-nyň Eýrana garşy bikanun sanksiýalaryny ýatyrmagyň zerurdygyny nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7167-zarif_abŞ_nyň_eýrana_garşy_bikanun_sanksiýalaryny_ýatyrmagyň_zerurdygyny_nygtady
Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrese ýazan hatynda ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 12, 2020 17:41 Asia/Ashgabat
  • Zarif ABŞ-nyň Eýrana garşy bikanun sanksiýalaryny ýatyrmagyň zerurdygyny nygtady

Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrese ýazan hatynda ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi twitde şeýle ýazdy: Muhammet Jawad Zarif halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna we ähli ýurtlaryň daşary işler ministrlerine Koronawirusynyň öňüni almak üçin Eýrana garşy birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalary ýatyrmagyň zerurlygy barada ýazdy.

Eýranyň Daşary işler ministri penşenbe güni irden Twitterde Eýran Merkezi Bankynyň Halkara Walýuta Gaznasyndan  Koronawirusyna garşy göreşmek üçin"çalt maliýe serişdeleri" ulanmak  baradaky haýyşyny habar berdi.

HPG-nyň başlygy Kristalina Georgiýewa ýakynda Koronawirusynyň ýaýramagyndan ejir çeken ýurtlara kömek bermek üçin 50 milliard dollarlyk gyssagly maliýe kömegini ýetirjekdigini yglan etdi.