Musawi:Eýran Amerikanyň lukmanlaryna mätäç däldir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şu gün daňdan Waşington Koronawirusyna garşy göreşmekde Eýrana kömek etmäge taýýardyr diýen Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň toslamasynyň gaýtawulynda Eýran Yslam Respublikasy jahanda iň ökde,başarjaň we daýaw lukmançylyk personala eýedir şoňa görä Amerikanyň lukmanlaryna mätäç däldir diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Trampa garap aýdan sözlerinde Amerika ýalandan ýürek ýandyrmagyň we pislik bilen magtanjaňlyk etmegiň deregine Eýran milletine we lukmançylyk bölümine garşy ýola berip duran ykdysady we lukmançylyk terrorizmini togtatsyn diýip beýan etdi.
Musawi sözüniň dowamynda Trampa garap Eýran milletine ýürek ýandyrmagyň ýerine Korona keseline uçran Amerika ilatynyň dadyna ýetişmegi tabşyrdy.
Amerikanyň prezidenti Tramp düýn Ak-Tamda Irlandiýanyň premýer ministri bilen geçiren duşuşygyndan soň beren gürrüňlerinde Amerika dünýäde iň çeper we ökde lukmanlara we döwrebap lukmançylyk enjamlara eýedir we Korona keseline garşy göreşde Eýrana kömek bermegi maslahat berendir diýip toslady.