Eýranda Korona keseliniň ýoň bolmagy sebäpli juma namazy ýatyryldy
Mar 13, 2020 10:29 Asia/Ashgabat
Eýranda Korona keseliniň ýoň bolmagynyň yzy bilen ýurduň bütin welaýatlarynyň merkezlerinde juma namazlaryň okalmagy ýatyryldy.
juma ymamlar boýunça syýasat düzüji geňeşiniň çykaran bildirişi boýunça şu gün Eýranyň bütin welaýatlarynyň merkezlerinde juma namazy ilatyň saglygyny goramak üçin okalmaly däldir. Gülüstan welaýatynyň Türkmen oturymly şäherlerinde şol sanda Kümmet Gawuz,Bender Türkmen we Ak-Gala şäherlerinde hem şu gün juma namazy okalmaz.
juma ymamlar boýunça syýasat düzüji geňeşi şeýle-de Koronawirusyna garşy göreşip ýörän lukmanlardan şepagatçylardan we saglygy goraýyş ministrliginiň işgärlerinden we jogapkärlerinden çekýän zähmetleri üçin gadyrdanlygyny bildirdi.