Eýranda azyndan 3500 adam Korona keselinden gutuldylar
Mar 13, 2020 13:32 Asia/Ashgabat
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi şu mahala çenli Eýranda Korona keseline uçran adamlaryň 3 müň 529-si bu keselden gutulandyrlar diýip habar berdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy aragatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianuş Jahanpur şu gün beren gürrüňlerinde Eýranda geçen bir gije gündiziň boýunda 1289 adamyň Korona keseline uçrandyklaryna yşarat edip şeýlelik bilen bu kesele uçranlaryň sanynyň 11 müňden geçendigini nygtamak bilen gynanç bilen bu sandan 514 adam öz janlaryny elden berendirler diýip yglan etdi.
Korona keseli ilkinji gezek 2019 ýylyň soňraklarynda Hytaýyň Wuhan şäherinde görülip dünýä ýurtlaryna ýaýrandyr.