Eýranyň parlament saýlowlarynyň ikinji tapgyrynyň geçiriljek zamany belli edildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7183-eýranyň_parlament_saýlowlarynyň_ikinji_tapgyrynyň_geçiriljek_zamany_belli_edildi
Eýranyň esasy kanunynyň gözegçi geňeşiniň metbugat wekili Eýranyň 11-nji döwür mejlis saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň geljek Sntýabr aýynyň 11 güni geçiriljekdigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 15, 2020 13:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň parlament saýlowlarynyň ikinji tapgyrynyň geçiriljek zamany belli edildi

Eýranyň esasy kanunynyň gözegçi geňeşiniň metbugat wekili Eýranyň 11-nji döwür mejlis saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň geljek Sntýabr aýynyň 11 güni geçiriljekdigini habar berdi.

Korona keseliniň döreden kynçylyklary üçin Eýranyň içeri işler ministri gözegçi geňeşine ýollan hatynda mejlis saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň Sentýabr aýynyň 11-nde ýada 18-nde geçirilmegini maslahat berdi gözegçi geňeşi hem ýagdaýy doly barlamakdan soň saýlowlaryň Sentýabr aýynyň 11-nde geçirilmegi bilen ylalaşdy diýip gözegçi geňeşiniň metbugat wekili Abbasali Kethudaýy aýtdy.

Eýranyň 11-nji döwür mejlis saýlawlary ýurduň 290 wekilini saýlamak üçin Eýran ilatynyň 24 million 500 müňsynyň gatnaşmaklarynda Fewral aýynyň birinji güni geçirildi.