Eýranda Koronawirusyna duçar bolan adamlaryň 5 müňe golaýy gutuldylar
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi Eýranda Koronawirusyna uçran adamlaryň 4 müň 790-synyň bu keselden gutulandyklaryny habar berdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kianuş Jahanpur şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda 13 müň 938 adamyň koronawirusyna uçrandyklaryny habar berip gynanç bilen bu sandan 724 adam bu keselden öz janlaryny elden berendirler diýip yglan etdi.
Eýranda ilatyň şeýle-de ýaragly güýçleriniň arkalaşmaklarynda korona keseline uçran adamlary saýgarmak we olary derman etmek gerek bolan ýerinde hem garantyna etmek işi batly suratda dowam edýändir.
Resmi taýdan “Kovid-19” diýlip atlandyrylýan koronawirus geçen ýylyň soňlarynda Hytaýyň Wuhan şäherinde tapyldy.durmuşda bu kesel Hytaýdan aýry dünýäniň 155 ýurduna ýaýrandyr.