Eýran bilen Kuweýtiň daşary işler ministrleri telefon arkaly gürrüň etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7195-eýran_bilen_kuweýtiň_daşary_işler_ministrleri_telefon_arkaly_gürrüň_etdiler
Eýran bilen Kuweýtiň daşary işler ministrleri koronawirusynyň öňüni almak ugurda telefon arkaly gürrüň etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 17, 2020 13:27 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Kuweýtiň daşary işler ministrleri telefon arkaly gürrüň etdiler

Eýran bilen Kuweýtiň daşary işler ministrleri koronawirusynyň öňüni almak ugurda telefon arkaly gürrüň etdiler.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Kuweýtiň daşary işler ministri Şyh Ahmet Nasyr al-Jaber al-sabah bilen geçiren söhbetdeşliginde korona keseline garşy göreşde Kuweýt döwletiniň Eýran döwletine we milletine ýetiren kömekleri üçin şol sanda Kuweýtiň Eýrana beren 10 millionlyk ynsanperwer kömekleri üçin gadyrdanlyk etdi.

Zarif şeýle-de Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola beren bir taraplaýyn gadaganlyklaryny ýazgaryp Kuweýtden Amerikanyň bu gadaganlyklary bilen tersleşmegini isledi.

Eýranyň daşary işler ministri öten agşam hem Britaniýanyň hem-de Horwatiýanyň daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde korona meselesi we Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran bikanun gadaganlyklary barada we onuň ýatyrylmagy hakynda gürrüň etdi.

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä,şu gün Eýranda Korona keseline duçar bolan adamlaryň sany 16 müň 169 adama we bu keselden janlaryny beren adamlaryň sany 988 adama we bu keselden gutulanlaryň sany hem 5 müň 389 adama ýetendir.