Zarif bütin dünýä köpçüligini Amerikanyň gadaganlyklaryny äsgermeýän akymyna birikmeklige çagyrdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7198-zarif_bütin_dünýä_köpçüligini_amerikanyň_gadaganlyklaryny_äsgermeýän_akymyna_birikmeklige_çagyrdy
Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren bikanun gadaganlyklaryna tankyt bildirmek bilen bütin dünýä köpçüliginden bu gadaganlyklary äsgermezlik baradaky halkara akyma birikmeklerini talap etdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Mar 17, 2020 17:55 Asia/Ashgabat
  •  Zarif  bütin dünýä köpçüligini Amerikanyň gadaganlyklaryny äsgermeýän akymyna birikmeklige çagyrdy

Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren bikanun gadaganlyklaryna tankyt bildirmek bilen bütin dünýä köpçüliginden bu gadaganlyklary äsgermezlik baradaky halkara akyma birikmeklerini talap etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda gadaganlyklaryň netijesinde Eýranyň korona keseline garşy göreşde ykdysady serişdeleriniň we ýarawnyň azalmagyna yşarat edip Amerika döwleti hakykatdan özüniň gadaganlyklary bilen ýazyksyz adamlaryň ölümine sebäp bolup durandyr diýip ýazdy.

Zarif Amerikanyň bikanun gadaganlyklaryna eýerýän ýurtlara ýüzlenip Amerikalylary tomaşakär bolup synlap durmaklyk ahlakdan daşdyr we bu hili işler geljekde hiç bir tarapy Amerikalylaryň gahar gazabyndan gorap biljek däldir diýip beýan etdi.

Amerika döwleti 2018-nji ýylyň Maý aýynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan gyraga çekilip Eýrana garşy bir taraplaýyn gadaganlyklary ýola berip başlady.