Aýatolla Ymami Kaşani: Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirilmez
(last modified Fri, 27 Oct 2017 15:29:48 GMT )
Oct 27, 2017 20:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirilmez
    Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirilmez

Tehraniň juma namazynyň hatyby Eýranyň goranyş kuwwatlylygy barada gepleşik geçirmek ugurda duşmanlaryň edýän hereketlerine yşarat edip Eýranyň goranyş kuwwatlylygy, abzallary we mümkinçilikleri barada asla gepleşik geçirilmez diýdi.

şu gün Aýatolla Muhammet Ymami kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Eýranyň kuwwatlylygyny we goranyş başarjaňlyklaryny ýokarlandyrmak ugurda ýurduň jogapkärleri gerek çäreleri taýýarlajakdyrlar diýip nygtady.

Aýatolla Ymami Kaşani sözüniň dowamynda Yragyň premýer ministri Heýdar A-Ebadiniň Tehrana gurnan saparyna we yslam ynkylabyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleri bilen geçiren duşuşygyna yşarat edip Yraklylar Amerikalylara ynam etmeli däldirler sebäbi Amerika ynam eden her bir ýurt ýitip gidendir we gymmatlyklary ýok olandyr diýip sözüne goşdy.

Tehraniň juma namazynyň hatyby sözüniň dowamynda Yragyň bölünmeginiň öňüne geçmek we terrorçylara garşy göreşmek ugurdaky Yragyň goşun we halk güýçleriniň gazanan üstünliklerine yşarat edip Yragyň din ýolbaşçylygy, jogapkärleri, goşun we halk güýçleri bu ýeňişlerde öz rollaryny doly ýerine ýetirendirler diýip nygtady.

Aýatolla Ymami kaşani terrorçylara garşy göreşmekde Sepah Pasdaranyň amala aşyran işlerine yşarat edip Eýranyň durmuşky howpsuzlygy we abraýy Eýranyň Sepah Pasdaranynyň we başga ýaragly güýçleriniň tagallalarynyň netijesidir diýip sözüne goşdy.