Namaki,Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri bilen maslahatlaşdy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri we Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdiri Eýranda korona garşy milli göreş barada pikir alyşdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri Said Nemaki, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom bilen geçirilen wideo söhbetdeşlikde Eýranda Koronawirusyna garşy Milli hereketiniň emele gelşine ünsi çekdi: Bu taslama arkaly, soňky dört günde Eýranda 15 million adam barlandy we wirus ýokaşan ýada şübheli adamlar tapyldy diýip yglan etdi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom hem Eýranda Koronawirusyna garşy Milli hereketi uly i hasaplap Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň saýtynda maşgalalaryň öz-özüni yglan etmegi bu wirusyň öňüni almaga ep-esli kömek eder diýdi.