Mertebesi Belent Ýolbaşçy : 1399-njy ýyly önüm badalgasy ýyly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7218-mertebesi_belent_Ýolbaşçy_1399_njy_ýyly_önüm_badalgasy_ýyly
Yslam ynkylabynyň iň ýokary derejeli lideri Hijri 1399-njy Şemsi ýylyny "önüm badalgasy" ýyly diýip atlandyrmak bilen "önüm badalgasy" adamlaryň durmuşynda düýpli özgertmeleri girizmelidir diýip nygtadylar.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Mar 20, 2020 06:39 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçy : 1399-njy ýyly önüm badalgasy ýyly

Yslam ynkylabynyň iň ýokary derejeli lideri Hijri 1399-njy Şemsi ýylyny "önüm badalgasy" ýyly diýip atlandyrmak bilen "önüm badalgasy" adamlaryň durmuşynda düýpli özgertmeleri girizmelidir diýip nygtadylar.

Aýatolla Ali Hameneýi,täze ýylyň başlanan gününiň  Musa bine Jafar(a.s)iň şehit bolmagynyň ýyl dönümine gabat gelenligine yşarat edip we onuň ruhyna doga edip , hezreti Muhammet (s.a)iň pygamberlige bellenen gününi hemde Nowruzy bütin ilatyň hemmesine esasanam şehitleriň we jan aýamazlaryň uly maşgalalaryna, saglyk jihadçylaryna we ähli zähmetkeş hyzmatkärlerine  gutlamak bilen bir wagtda Täze ýyly  "önüm badalgasy" diýip atlandyrdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy,1398-njy ýylda şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna şol sanda  mukaddes ýerleri we serhetleri goramak üçin şehit bolanlaryň we onlaryň başynda hormatly şehit Sardar Gasym Soleýmani, şehit Abu Mahdi al-Mohandes, şeýle hem Kerman heläkçiliginde we uçar heläkçiliginde şehit bolanlaryň maşgalalaryna gynanjyny  we gutlagyny beýan edip   1398-nji hijri şemsi senesi Eýran halky üçin tolgunyşykly ýyl boldy   sebäbi geçen ýyl suw joşmasy bilen başlandy we Korona bilen tamamlandy, ýylyň dowamynda ýer titremesi we sanksiýalar ýaly dürli wakalar ýüze çykdy, ýöne bu wakalaryň iň ýokary nokady ABŞ-nyň terrorçylyk jenaýaty we Eýranyň  hemde yslamyň şöhratly serdary Gasym Soleimanyň şehit bolmagydyr diýip beýan etdiler.

Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de 1398-nji ýyl synaglaryny kyn synag hasaplamak we hiç bir halkyň rahatlyk we aňsatlyk bilen hiç ýere baryp bilmejekdigini aýtmak bilen Eýran milletiniň şu wagta çenli kynçylyklara üstem çykyşy ýaly köňül kuwwaty bilen kynçylyklary başdan geçirmek bir milletiň kuwwatlanmagyna we abraý gazanmagyna sebäp bolýandyr diýip sözüniň üstüni ýetirdiler.

Eýrana garşy girizilen sanksiýalar zyýanlary bilen birlikde käbir peýdalary boldy we içerki mümkinçilikler arkaly ýurduň hemde  ýaşaýyşyň zerurlyklaryny üpjün etmek hakda pikirlenmäge mejbur etdi diýmek bilen Hudaýyň islegi bilen bu uly we gymmatly hereket dowam etjekdir diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy nygtap geçdiler.

Aýatolla Ali Hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda Geçen ýyl kyn ýyl boldy we halkyň görgüleri az däldi, ýöne kynçylyklaryň ýanynda görlüp-eşidilmedik buýsançlaram bardy we Eýran halky hakykatdanam abraý gazandy diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy aýdanlaryny jemläp, 1399-njy ýyly "önüm badalgasy" diýip atlandyrdy we jogapkärlere garap: "önüm badalgasy"adamlaryň durmuşynda düýpli özgeriş döreder ýaly hereket ediň diýip tabşyrdylar.