Ruhani: Geçen ýyl Eýran halky iň buýsançly epikleri döretdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti 1399-njy ýylyň başy mynasybetli eden ýüzlenmesinde geçen ýyl hadysalaryň we epikleriň ýyly boldy we yurdumyzyň taryhynda iň uly wakalar bolup geçdi we iň uly epikler Eýranyň batyr halky tarapyndan döredildi diýdi.
Hasan Ruhani anna güni nowruz mynasybetli eden çykyşynda ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryna ünsi çekip, duşmanlaryň iň agyr sanksiýalar arkaly halkymyzyň boýun egjekdigini pikir edýändigini, ýöne beýik Eýran halkynyň bu kynçylyklara garşy durandygyny we täze epiki döredendigini aýtdy. Ruhani şeýle-de Soňky onýyllyklarda ilkinji gezek amala aşyrylan Nebitsiz ýurt ykdysadyýetini Eýran halkynyň döreden epikleriniň birisi hasaplady.
Eýranyň prezidenti, Amerikalylaryň inflýasiýa we durgunlyk bilen Eýrany iň agyr ýagdaýa getirmegi isleýändigini, ýöne çykarlan hasabatlaryň 1398-nji ýylyň 9 aýynda Eýranda ykdysady ösüşiň oňyn bolandygyny we inflýasiýanyň mümkin boldugyça kontrol bolanlygyny aýtdy.
Ruhani, şeýle-de şu gün ýene bir ybaratda1399-njy ýylyň ilkinji güni, Eýranyň strategiki ätiýaçlyklarynyň beýleki ýyllardan we beýleki Nowruzlardan has gowudygyny aýtdy.
Eýranyň prezidenti: "Şowsuzlyga uçramadyk, Amerikanyň basyşyna garşy çykdyk, we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy Halkara Kazyýetinde ýeňiş gazandyk we bu Kazyýet ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny ýazgardy we Eýran bütin halkara ugurlarda syýasy taýdan we jemgyýetçilik pikirlerinde ýeňiş gazandy diýip nygtap geçdi.