Zarif bilen Guterreş telefon arkaly söhbetdeş boldylar
Eýranyň daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde korona keseline garşy göreşmek baradaky özgerişler hakynda pikir alyşdy.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde şeýle-de korona keseli bilen garşylaşmakda Eýran milletiniň garşysyndaky böwetler barada gürrüň etdi.
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary hem bu söhbetdeşlikde Eýran milleti bilen dertdeşlik we duýgydaşlyk bildirmek bilen korona garşy göreşmek üçin Eýran milletine garşy ýola berilip durlan Amerikanyň gadaganlyklarynyň ýatyrylmagynyň zerurlygyny nygtady.
Zarif mundan ozal hem Guterreş-e ýazan hatynda Amerikanyň Eýrana garşy bikanun we bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň ýatyrylmagyny isläpdi.
Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Braziliýada çapdan çykýan Folha de S.Paulo gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran milletiniň korona garşy göreşine yşarat etmek bilen Amerikanyň medisina gadaganlyklary bu howply kesele garşy göreşiň öňünde böwet döredi durandygyny aýtdy.