Eýranda korona keselinden gutulan adamlaryň sany 8 müňe golaýlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7225-eýranda_korona_keselinden_gutulan_adamlaryň_sany_8_müňe_golaýlady
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kianuş Jahanpur şu mahala çenli Eýranda 7 müň 635 adamyň koronawirusyndan gutulandyklaryny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 21, 2020 13:24 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keselinden gutulan adamlaryň sany 8 müňe golaýlady

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kianuş Jahanpur şu mahala çenli Eýranda 7 müň 635 adamyň koronawirusyndan gutulandyklaryny habar berdi.

Jahanpur şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu mahala çenli 20 müň 610 adam korona keseline uçrap hassa bolandyrlar diýmek bilen gynanç bilen geçen bir günlükde 123 adam korona keselinden öz janlaryny elden berendirler şeýlelik bilen Eýranda koronawirusyndan öz janlaryny elden beren adamlaryň sany ýygnagda bir müň 556 adam boldy diýip yglan etdi.

Resmi taýdan “Kovid-19” diýlip atlandyrylýan koronawirus geçen ýylyň soňlarynda Hytaýyň Wuhan şäherinde tapyldy.

durmuşda bu wirus Hytaýdan aýry dünýäniň 185 ýurduna aralaşandyr.