Eýranda 8400 adama golaýy korona keselinden gutuldylar
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy şu mahala çenli Eýranda 8376 adamyň korona keselinden gutulyp hassahanalardan öz öýlerine dolanandyklaryny habar berdi.
şu gün Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Kianuş Jahanpur habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu mahala çenli Eýranda 23 müň 49 adamyň korona wirusyna uçramaklaryna yşarat edip gynanç bilen ýene 127 adamyň gurban bolmaklary bilen ýygnagda Eýranda korona keselinden ölen adamlaryň sany bir müň 812 adam boldy diýip yglan etdi.
Jahanpur şeýle-de şu mahala çenli Eýranlylaryň 36 milliondan gowragynyň saglyk ýagdaýy korona wirusy bilen baglanşykda barlandy we bu barlag işler hem ilatyň arkalaşmaklarynda dowam edýändir diýip yglan etdi.
şol bir wagtda Eýranyň saglygy goraýyş ministrniň orunbasary Alireza Reisi hem korona wirusy bilen baglanşykda saglyk ýagdaýlary barlanan Eýranlylaryň 7 millionynyň internet saýty bilen we 28 millionynyň hem telefon arkaly barlanandyklaryny habar berdi.