Eýran bilen Italiýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly gürrüň etdiler
(last modified Tue, 24 Mar 2020 04:49:28 GMT )
Mar 24, 2020 09:49 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Italiýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly gürrüň etdiler

Eýran Yslam Respublikasy bilen Italiýanyň daşary işler ministrleri Muhammet Jawad Zarif bilen Luigi De Maýo iki ýurtda korona keseliniň ýaýramagy barada telefon arkaly geçiren söhbetdeşlikde bu keselden janlaryny elden beren Eýranly we Italiýaly raýatlaryň ölümi sebäpli gynaç bildirdiler.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Zarif, Amerikanyň Eýran halkyna garşy birtaraplaýyn, bikanun we adamkärçiliksiz gadaganlyklary dowam etdirmegini talap edýändigini göz öňünde tutup, Eýran halkyna garşy bu zalymlykly gadaganlyklaryň ýatyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde dünýä ýurtlarynda we Eýranda Corona wirusynyň ýaýramagyndan soň, Türkiýe, Russiýa, Päkistan we Hytaý ýaly dürli ýurtlaryň resmileri Amerikanyň Eýrana garşy birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny islediler.

Waşingtonyň birtaraplaýyn we gazaply sanksiýalary esasy zatlary, hatda dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny öz içine alýandyr bu bolsa Eýran milleti üçin, esasanam koronar uçranlar üçin köp kynçylyklary döredendir.

Amerikanyň prezidenti Donald Trump geçen anna güni Eýrana garşy girizilen gadaganlyklaryň ýatyrylmagyna garşydygyny aýtdy.

Tags