Şamhani:Eýran adam hukukyna üns berýändir.
Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Eýranda adam hukuk meselesine üns berilmegi ýurdyň baş kanunynyň usuly we buýrugy esasyndadyr diýdi.
Şu gün Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda adam hukuk barada geçirilen ýygnakda eziji düzgüniň puç toslamalar esasynda şol sanda adam hukuk meselesini bahanalap Eýrany çalşa çekmegiň yzyndadygyna garamazdan kemçilikleriň düzedilmegi ugurdaky hereketler togtadylmaly däldir diýip nygtady.
Eýranyň kazyýet güýjüniň çarçuwasy Yslam dininiň dessurlary esasyndadyr diýip Ali Şamhani sözüne goşdy.
ol şeýle-de korrupsiýa garşy göreşilmegini nygtamak bilen bir wagtda media serişdelerinden hem haýsy dereje-de digine garamazdan belli bolan korrupsiýa hakynda maglumat bermeklerini tabşyrdy.