Zarif bilen Lawrow koronawirusy we Amerikanyň gadaganlyklary barada maslahatlaşdylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7250-zarif_bilen_lawrow_koronawirusy_we_amerikanyň_gadaganlyklary_barada_maslahatlaşdylar
Eýranyň bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri öten agşam koronawirusynyň global ýaýramagy we Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran bir taraplaýyn gadaganlyklary barada telefon arkaly maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 25, 2020 10:13 Asia/Ashgabat
  • Zarif bilen Lawrow koronawirusy we Amerikanyň gadaganlyklary barada maslahatlaşdylar

Eýranyň bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri öten agşam koronawirusynyň global ýaýramagy we Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran bir taraplaýyn gadaganlyklary barada telefon arkaly maslahatlaşdylar.

 

Parss Todey habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergý Lawrow bu söhbetdeşlikde häzirki ýagdaý we koronawirusynyň ýaýramagynyň iki ýurda galdyrýan täsirleri hem-de esasanem Waşingtonyň Eýrana garşy ýola berip duran mahaly Eýranyň bu wirus bilen göreşmek ugurda edýän tagallalary,Owganystandaky syýasy wakalar hem-de Amerikanyň dürli ýurtlara şol sanda Eýranyň tersine bir taraplaýyn gadaganlyklaryna garşy halkara derejesinde bolup duran tagallalar hakynda gürrüň edip pikir alyşdylar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergý Lawrow hem bu söhbetdeşlikde Moskwanyň Waşingtony döwletleriň korona bilen garşylaşmaga päsgel berýän adamkärçiliksiz gadaganlyklaryny ýatyrmaga çagyrýandygyny aýtdy.

Lawrow şeýle-de Orsýetiň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryny giňeltmek kararyna gelendigini aýtdy.