Eýranda koronawirusyna uçranlaryň 9 müňden gowragy bu keselden gutuldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu wagta çenli Eýranda koronawirusyna uçranlaryň 9 müň 625-si sagalyp keselhanalardan çykarylandyrlar diýip habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour,şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu mahala çenli Eýranda 27 müň 17 adamyň koronawirusyna duçar bolandyklaryna yşarat edip täze 143 adamyň ölmekleri bilen bu wirusdan ölen adamlaryň sany ýygnagda iki müň 77 adam boldy diýip yglan etdi.
Jahanpour şeýle-de şu wagta çenli Eýranda 47 million adamyň saglyk ýagdaýy barlanyldy diýip sözlerine goşdy.
Eýran hökümetiniň ýaragly güýçleriň kömegi bilen öňüni alyş we bejeriş çäreleri bilen bir wagtda, näsaglar bilen gatnaşygy bolan adamlary yzarlamak, näsaglary izolirlemek (karantin) we Eýranyň ilatynyň ähli gatlaklary bilen Coronavirus keseli bolan adamlary bejermek prosesi dowam edýär.
koronawirusy Hytaýyň Wuhan şäherinden başlap dünýä ýaýrady.