Eýran Wenesuelanyň prezidentine garşy Amerikanyň aýyplamasyny ýazgardy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Wenesuelanyň prezidentine garşy Amerikanyň esassyz aýyplamasyny ýazgardy.
Amerikanyň adalatçylyk ministrniň yglan etmegine görä,Nýu-Ýorkda bir kazyýet Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madorony,bu ýurduň mejlis başlygyny,goşunyň öňki aňtaw gullugynyň başlygyny hem-de iki sany harby serkerdesini neşe söwdasynda aýyplandyr.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýid Abbas Musawi şu gün beren gürrüňlerinde halkara hukukyň hiç bir kanuny Amerika döwletine beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmaga,döwletini ýykmaga,garaşsyz ýurda hüjüm etmäge ýada ondan beter bir döwletiň başlygyny tutmak üçin serpaý belli etmäge özüniň kazyýet mehanizminden peýdalanma rugsat berýän däldir diýdi.
ol şeýle hem Amerika döwletiniň biperwaýlygynyň garşysynda dymmagy Amerikanyň bikanun hereketlerine kömek etmek höküminde hasaplamak bilen biz halkara köpçüliginiň ähli agzalaryny köp taraplylygy goramaga we Amerikanyň bir taraplaýyn hereketlerine ýok diýmäge çagyrýarys diýdi.