Zarif:dünýä zor aýdyjy döwletleriň gadaganlyklaryny synlap oturmasyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7272-zarif_dünýä_zor_aýdyjy_döwletleriň_gadaganlyklaryny_synlap_oturmasyn
Eýranyň daşary işler ministri özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda hatda dünýäniň iň uly ykdysadyýeti hasaplanýan Amerika hem korona garşy göreşmekde halkara derejesindäki kömeklere mätäçdir diýmek bilen halkara köpçüliginden Waşingtonyň Eýranyň tersine ýola berip duran gadaganlyklaryny synlap oturmakdan saklanmagyny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 27, 2020 13:40 Asia/Ashgabat
  • Zarif:dünýä zor aýdyjy döwletleriň gadaganlyklaryny synlap oturmasyn

Eýranyň daşary işler ministri özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda hatda dünýäniň iň uly ykdysadyýeti hasaplanýan Amerika hem korona garşy göreşmekde halkara derejesindäki kömeklere mätäçdir diýmek bilen halkara köpçüliginden Waşingtonyň Eýranyň tersine ýola berip duran gadaganlyklaryny synlap oturmakdan saklanmagyny isledi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikada korona garşy göreşi öňe alyp barmak barada bu ýurduň prezidenti Trampyň Günorta Korýa ýurduna bildiren islegine yşarat edip koronawirusy hemme ýurtlara uly zyýanlary ýetirip durandyr we hiç bir ýurt korona keseliniň ýetirýän zyýanlaryndan aman däldir hatda dünýäniň iň uly ykdysadyýeti höküminde Amerika hem başgalaryň kömegine mätäçdir şondan gelende Amerika döwleti özüniň Eýrana garşy ýola beren terrorizmini togtatmakdan boýun gaçyryp durandyr diýip beýan etdi.

şeýle bir ýagdaýda dünýäniň beýleki ýurtlarynyň bir zor aýdyjy döwletiň gadaganlyklaryny äsgermezligi gereklidir diýip Zarif özüniň Twitter sahypasynda ýazdy.