Amir Abdullahian: Bahreýn režimi öz raýatlaryny kabul etmegi islemeýär
Eýran Yslam Respublikasynyň mejlisiniň başlygynyň ýörite işler boýunça kömekçisi, Bahreýndäki Al-Halifa režiminiň öz raýatlaryny kabul etmäge taýyn däldigini aýtdy.
Eýran mejlisiniň başlygynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir Abdollahian şenbe güni twitter hasabynda ýazmagyna görä: Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen Maşad-da ýüzlerçe Bahreýn raýatynyň öz ýurtlaryna dolanmaga garaşýarlar diýmek bilen Omanda hem 80 töweregi adam sergezdandyrlar, Emma Al-Halifa režimi öz halkyna jogapkärçiliksiz çemeleşýändir.
Corona wirusy Eýrana ýaýramazdan ozal Eýrana gelen 2000-e golaý Bahreýn raýaty durmuşda öz ýurtlaryna dolanmaga Bahreýn jogapkärleriň döretýän kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüzdirler.