Eýranyň prezidenti, Koronawirusynyň öňüni alyş meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Koronawirusynyň öňüni almak üçin Eýranda sosial aralyk meýilnamasynyň ünsli durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Tehranda Korona garşy dolandyryş milli merkeziniň mejlisinde Sosial aralyk meýilnamasy baradaky kararyň 8-nji aprele çenli dowam etjekdigini aýtdy.
Ruhani: "Eýrandaky ähli adamlar we ýerine ýetiriji guramalar Koronawirusyna garşy göreşmek üçin bilelikde işlemeli" -diýdi.
Eýranyň prezidenti ýene-de bir gezek gaýtalady: "Eýran halky agyr we gadaganlyklar döwründedirler, ýöne dünýäýurtlary şu hili ýagdaýda Eýranyň bu ölüm howply we öldüriji wirusa garşy nähili göreşip bilendigine geň galýandyrlar diýip nygtady.