Eýranda 14,000 töweregi adam koronawirusynda gutuldy
Mar 30, 2020 13:50 Asia/Ashgabat
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu wagta çenli Eýranda koronawirus ýokaşmasy bolan 13 müň 911 adamyň sagaldy we keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianouş Jahanpour duşenbe güni habarçylaryň arasynda 41,495 adamyň Eýranda Koronawirusy ýokaşandygyny aýtdy. ol şeýle-de Korona zerarly Eýranda jemi 2775 adam öldi diýip sözüne goşdy.