Ruhani:Eýranda korona garşy göreşiň netijeli bolmagy kalkyň goldawy bilen bolandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti korona wirusyna garşy göreşdäki Lukmançylyk işgärleriniň häzirki üstünligi, Eýran halkynyň hyzmatdaşlygy we goldawy bilen baglanyşykdadyr diýdi.
Prezident Hasan Ruhani şu gün Eýranyň korona garşy ştabynyň maslahatnda beren gürrüňlerinde ilatyň jemgyýetçilikde ara-baglanşykda bolmakdan saklanmaklary baradaky taslamanyň ýerine ýetirilmeginde ilatyň bildiren arkalaşygyndan gadyrdanlyk etmek bilen bütin dünýä saglygy goraýyş guramanyň yglan etmegine görä,koronawirusynyň öňüni almakda dünýädäki köp ýurtlardan Eýranyň ýagdaýy has gowrakdyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani Eýranyň lukmançylyk işgärlerine çekýän zähmetleri babatly gadyrdanlygyny bildirmek bilen koronawirusy bilen baglanşykda kä welaýatlaryň keselhanalaryna gelýän adamlaryň sany azalandyr we şol bir wagtda bu wirusdan gutulan adamlaryň sany artyp barýandyr diýip yglan etdi.
prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň Yslam Respublikasyna mahsus günüň diýmek Farwardin aýyň 12-siniň gelip ýetmegini gutlap:41 ýyl mundan ozal Eýran ilaty bir ses bolup Yslam Respublikasy düzgüne ses berip Eýranda Yslam Respublikasyny berkarar etdiler bu gün hem düzgüniň dini tarapynyň ýanynda onuň Respublika tarapy häkimiýetiň sütüni hasaplanýandyr diýip beýan etdi.
41 ýyl mundan ozal 1979-nji ýylyň Aprel aýynyň biri bilen barabar 1358-nji ýylyň Farwardin aýynyň 12-sinde yglan bolan referendumyň netijesinde Eýran ilatynyň ýüze 98-den gowragy Eýranda Yslam Respublikasy düzgüniň berkarar bolmagyna ses berendirler.
şol ýyldan bäri şeýle bir gün Eýranda Yslam Respublikasynyň güni höküminde gadyrlanyp gelýändir.