Eýranda koronadan gutulan adamlaryň sany 14 müňden geçdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi Eýranda 14,656 adamyň koronawirusdan halas edilendigini we keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu wagta çenli 44 müň 606 adamyň koronawirusyna uçramaklaryna yşarat edip geçen 24 sagatyň boýunda ýene 141 adamyň koronawirusyndan ölmekleri bilen ýygnagda Eýranda bu wirusdan ölen adamlaryň sany 2 müň 898 adam boldy diýip yglan etdi.
koronawirusyna uçran adamlary saýgarmak ugurdaky elekden geçirmek taslamanyň galybynda şu mahala çenli azyndan 65 million Eýranlyň saglyk ýagdaýlary barlanyldy diýip Jahanpour aýtdy.
Iň soňky statistikalara görä, dünýäde 789,000-den gowrak adam bu wirusa uçrandyr şolardan 166,000-den gowragy sagaldylar we gynansak-da 38,000-den gowrak adam öldi.
Resmi taýdan “Kowid-19” diýlip atlandyrylýan koronawirusy geçen ýylyň ahyrynda (2019) Hytaýyň Wuhan şäherinde tapyldy.