Mousavi: Amerikanyň Yrakdaky hereketleri sebitdäki durnuksyzlyga we amansyzlyga sebäp bolýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikaly harbylaryň Yrakdaky hereketlerine yşarat edip bu hereketler Yragyň milli özygtyýarlylygyny bozmakdan başga-da, Günbatar Aziýa sebitinde durnuksyzlyga we amansyzlyga sebäp boljakdygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi sişenbe güni Eýran metbugatyna beren interwýusynda ABŞ-nyň Yrakdaky soňky harby hereketleriniň hökümetiň, milletiň we mejlisiň talaplaryna ters gelýändigini aýtdy.
Bu aralykda, Eýran mejlisiniň başlygynyň halkara meseleler boýunça ýörite kömekçisi Huseýn Amir Abdollahian sişenbe güni agşam twitter hasabynda: "Amerikalylar täze harby ýalňyşlyk goýberseler, elbetde sebitden has çalt çykmaklaryna we sionizmiň ýok bolmagyna sebäp boljakdyr diýip nygtady.