Eýranda koronawirusly 16 müňden gowrak adam dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi Eýranda 16 müň 711 adamyň koronawirusdan halas edilendigini we keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu wagta çenli 50 müň 468 adamyň koronawirusyna uçramaklaryna yşarat edip geçen 24 sagatyň boýunda ýene 124 adamyň koronawirusyndan ölmekleri bilen ýygnagda Eýranda bu wirusdan ölen adamlaryň sany 3 müň 160 adam boldy diýip yglan etdi.
koronawirusyna uçran adamlary saýgarmak ugurdaky elekden geçirmek taslamanyň çarçuwasynda şu mahala çenli azyndan 69 million Eýranlyň saglyk ýagdaýlary barlanyldy diýip Jahanpour aýtdy.
Iň soňky statistikalara görä, dünýäde 940,000-den gowrak adam bu wirusa uçrandyr şolardan 196,000-den gowragy sagaldylar we gynansak-da 47,000-den gowrak adam öldi.
Resmi taýdan “Kowid-19” diýlip atlandyrylýan koronawirusy geçen ýylyň ahyrynda (2019) Hytaýyň Wuhan şäherinde tapyldy.