Jalali: Amerikanyň bähbitleri dünýä halklarynyň bähbitleriniň tersinedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7332-jalali_amerikanyň_bähbitleri_dünýä_halklarynyň_bähbitleriniň_tersinedir
Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada bildirilýän islegleriň garşysynda ABŞ-nyň resmileriniň garşy çykmaklaryna yşarat etmek bilen :Amerikanyň bähbitleri dünýä halklarynyň bähbitlerine ters gelýändir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 04, 2020 11:11 Asia/Ashgabat
  • Jalali: Amerikanyň bähbitleri dünýä halklarynyň bähbitleriniň tersinedir

Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada bildirilýän islegleriň garşysynda ABŞ-nyň resmileriniň garşy çykmaklaryna yşarat etmek bilen :Amerikanyň bähbitleri dünýä halklarynyň bähbitlerine ters gelýändir diýdi.

Kazem Jalali anna güni Eýranyň Moskwadaky ilçihanasynyň twitter sahypasynda halkara köpçüliginiň bir tarapda we Amerikanyň beýleki bir tarapda durandyklaryna yşarat etmek bilen käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary we BMG-nyň baş sekretary koronawirusyna garşy göreşýän ýurtlara garşy gadaganlyklaryň ýatyrylmagyny isleýän mahaly Amerika resmileri bu mesele garşy çykyp global meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramanyň roluny masgaralap durandyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň Orsýetdäki ilçisi sözüniň dowamynda Amerikanyň gadaganlyklary we çäklendirmeleri korona näsaglaryny bejermegi kynlaşdyrandyr diýmek bilen Eýran halky bu zalymlykly gadaganlyklara garamazdan korona keseline garşy durmagyny dowam etdirýändir diýdi.