Eýranda koronawirusly 20 müňe golaý adam gowy boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi Eýranda 19 müň 736 adamyň koronawirusdan halas edilendigini we keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde şu wagta çenli 55 müň 743 adamyň koronawirusyna uçramaklaryna yşarat edip geçen 24 sagatyň boýunda ýene 158 adamyň koronawirusyndan ölmekleri bilen ýygnagda Eýranda bu wirusdan ölen adamlaryň sany 3 müň 452 adam boldy diýip yglan etdi.
ýene bir habara görä,Eýranda koronawirusyndan kesellän 106 ýaşyndaky bir goja adam 14 gün keselhanada ýatany soň bu keselden gutulyp öz öýne dolanyp gaýtdy.
Eýranda mundan ozal hem 90 ýaşdan geçen onlarça adam koronawirusyndan gutulyp öz saglyklaryny gaýdyp alandyrlar.
Häzirki wagtda dünýädäki ähli ýurtlar diýen ýaly koronawirusa garşy göreşýär we wirusa ýokaşan adamlaryň sany dünýäde bir milliondan gowrak adama ýetdi, şolardan 59,000 töweregi adam öldi we azyndan 234,000 adam sagaldy.