Eýranda korona garşy milli hereketiň ikinji ädiminiň başlangyjy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri ýurtda korona garşy göreşmek boýunça hereketiň ikinji ädiminiň başlandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri, Saeid Namaki şu gün Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Besij Guramasynyň başlygy serdar Golamreza Suleýmäna ýazan hatynda Eýranda 70 million adamy bakmak baradaky besijileriň eden hyzmatdaşlygyndan gadyrdanlyk edip Korona garşy göreşiň birinji ädimi milli we halkara derejesinde Eýran Yslam Respublikasy üçin taýsyz gazançlary boldy diýip nygtady.
Eýranda korona kesellerine garşy göreşiň ikinji ädiminde, öň belli bolan hassalary yzarlamakdan başga-da, belligi bolmadyk adamlar hemsynag ediler.Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri, Saeid Namaki sözüne goşdy.