Eýranda 44,000 töweregi adam koronawirusyndan gutuldylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7388-eýranda_44_000_töweregi_adam_koronawirusyndan_gutuldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä,Şu wagta çenli Eýranda koronawirusa ýokaşan 43,894 adam sagaldylar we keselhanalardan çykaryldylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 12, 2020 12:08 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 44,000 töweregi adam koronawirusyndan gutuldylar

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä,Şu wagta çenli Eýranda koronawirusa ýokaşan 43,894 adam sagaldylar we keselhanalardan çykaryldylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour ýekşenbe güni habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda koronawirusyna uçran adamlaryň sany  soňky sanawlar boýunça, 71,686 adama ýetendir diýmek bilen bu sanyň bir müň 657-siniň koronawirusyna uçramaklary geçen 24 sagatda anyklanandyr diýip beýan etdi.

Jahanpour şeýle hem geçen 24 sagatda bir ýüz 17 adamyň ölmeklerine yşarat edip bu san bilen Eýranda koronawirusyndan ölen adamlaryň sany 4 müň 474 adam boldy diýip sözlerine goşdy.

Eýranda halkyň arkalaşmaklarynda korona garşy göreş depginli suratda alynyp barylýandyr.

Resmi taýdan “Covid-19” diýlip atlandyrylýan koronawirusy geçen ýylyň ahyrynda (2019) Hytaýyň Wuhan şäherinde tapyldy.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusa garşy göreşe gatnaşýarlar dünýäde takmynan bir million 800 müň adama wirus ýokaşandyr.