Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi: gadaganlyklar,Koronawirusynyň bäşinji sütüni
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7404-eýranyň_birleşen_milletler_guramasyndaky_wekilçiligi_gadaganlyklar_koronawirusynyň_bäşinji_sütüni
Eýranyň BMG-ndaky wekili sanksiýalary Kowid-19-nyň bäşinji sütüni diýip atlandyrmak bilen Bir ýurduň krizise garşy göreşmek ukybyny çäklendirýän islendik çäre bu keseli ýaýradar we oňa garşy global göreşi gowşadar diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 13, 2020 14:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi: gadaganlyklar,Koronawirusynyň bäşinji sütüni

Eýranyň BMG-ndaky wekili sanksiýalary Kowid-19-nyň bäşinji sütüni diýip atlandyrmak bilen Bir ýurduň krizise garşy göreşmek ukybyny çäklendirýän islendik çäre bu keseli ýaýradar we oňa garşy global göreşi gowşadar diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili ýekşenbe güni beren hasabatynda "Eýran koronawirusyň iň erbet hilini başdan geçirýän wagtynda ABŞ-nyň sanksiýalary onuň öňüni almak ugurdaky Eýranyň tagallalaryna düýpli päsgelçilik döredip durandyr diýdi.

Eýranyň BMG-syndaky wekili ABŞ-nyň resmileriniň bikanun we ahlaksyz sanksiýalaryň utanjyndan gutulmak üçin gumanitar we lukmançylyk zerurlyklarynyň sanksiýalardan boşadylýandygyny öňe sürýändigini aýtdylar diýmek bilen Amerikanyň hazynadarlygy Şweýsariýanyň söwda ylalaşygyny (SHTA) kesgitledi we Eýran bilen käbir ynsanperwerlik amallarynyň geçirilmegine ýol açdy, emma bu dar kanal häzirki kontekstde Eýranyň gumanitar zerurlyklaryny kanagatlandyrmaýar diýip yglan etdi.