Rabiei: Amerikanyň Halkara Walýuta Gaznasynyň hereketlerine weto goýmaga haky ýok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7405-rabiei_amerikanyň_halkara_walýuta_gaznasynyň_hereketlerine_weto_goýmaga_haky_ýok
Eýran hökümetiniň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň HPG-nyň kararlaryna weto goýmaga hukugynyň ýokdugyny aýtdy we gaznanyň beýleki agzalarynyň adamkärçiliksiz hereket etmeginiň öňüni almalydygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 13, 2020 14:29 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: Amerikanyň Halkara Walýuta Gaznasynyň hereketlerine weto goýmaga haky ýok

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň HPG-nyň kararlaryna weto goýmaga hukugynyň ýokdugyny aýtdy we gaznanyň beýleki agzalarynyň adamkärçiliksiz hereket etmeginiň öňüni almalydygyny aýtdy.

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Ali Rabiei duşenbe güni metbugat ýygnagynda Eýranyň Halkara Walýuta Gaznasyndan karz almak baradaky soňky haýyşynyň gidişine yşarat edip Eýran köp ýyl bäri Halkara Walýuta Gaznasyna agzalyk tölegini töledi we wirus ýüze çykmazdan öňürti bu gazna ýüz tutmady diýip nygtady.

Rabiei ABŞ-nyň bikanun sanksiýalarynyň we koronawirusyň giňden ýaýramagynyň Eýranyň raýatlarynyň janyna howp salýandygyny aýtmak bilen Aslynda, Halkara Walýuta Gaznasynyň karary, adam işleri üçin döredilen serişdeleriň ahlagynyň we adamkärçiliginiň nyşanydyr diýip beýan etdi.